2024-nji ýylda Türkmenistanda umumy meýdany 1 million 145 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

08.02.2025, 00:389,238

2024-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna Türkmenistanda umumy meýdany 1 million 145 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýuny toýladylar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 7-nji fewralda giňişleýin Hökümet mejlisinde aýtdy. Muny “Watan” habarlar gepleşigi ýetirýär.

Ykdysadyýetiň ýokary ösüş depgini saklanyp galdy. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda senagatda 1,5 göterim, söwdada 10,1 göterim, oba hojalygynda bolsa 5,3 göterim boldy. Maýa goýumlary 9,1 göterim artdy. Hasabat döwründe jemi 5 müň 735 sany täze iş orny döredildi. Ýurdumyzda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberi 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak möçberde boldy diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.