Aşgabatdaky Kikboks zaly çagalary we ýetginjekleri çagyrýar. Birinji türgenleşik mugt

25.02.2025, 16:574,749

Aşgabatda Olimpiýa şäherçesindäki Kikboks zaly 6 ýaşdan 18 ýaşa çenli ýaşlary sportuň bu görnüşi boýunça türgenleşiklere ýazylmaga çagyrýar.

Kikboks türgenleşikleri:

  • Fiziki işjeňligi, tizligi we çydamlylygy ösdürmäge;
  • Urgy tehnikalaryny özleşdirmäge;
  • Beden taýýarlygyňy taplamaga;
  • Çempion derejä baryp ýetmäge kömek edýär.

Türgenleşikleri kikboks boýunça ussat tälimçiler alyp barýar.
Isleg bildirýänler türgenleşikler üçin özüne laýyk günleri hem wagty saýlap bilerler. Türgenleşikler 1-3-5 günlerde, şeýle hem 2-4-6 günlerde geçirilýär.
Wagty 19:00 — 21:00-da hem-de 09:00-10:30-da.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
+993 62 37-74-74

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.