«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary welaýatlarda çykyş eder

28.02.2025, 00:544,091

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary  Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň topary bilen bilelikde Türkmenistanyň welaýatlarynda çykyş eder.

Çykyşlaryň maksatnamasy halkymyzyň köp asyrlyk däp-dessurlaryny özünde jemleýän sirk oýunlaryny we täsin atçylyk sungatyny öz içine alýar.
Çykyşlaryň tertibi şundan ybarat:

  • 5–7-nji mart - Lebap welaýaty;
  • 10–12-nji mart - Mary welaýaty;
  • 27–29-njy mart - Balkan welaýaty;
  • 7-10-njy aprel aralygynda görkeziler.

Ähli çykyşlar «Türkmeniň ak öýi» binalarynda bolup geçer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.