Türkmenistanyň Mejlisinde we DIM-nde Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşyk geçirildi

28.02.2025, 11:132,177
1 / 2

27-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Raşid Meredow bilen Halkara Zähmet Guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, bu guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin Býurosynyň direktory Beata Andresiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlaryň ähmiýeti barada pikir alşyldy. Taraplar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler şeýle hem 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerini seljerdiler we şu ýyl üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlediler.
Şol gün Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa hem Beata Andres bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda
Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmak arkaly şertnama-hukuk binýady berkitmek, tejribe alyşmak, durmuş ulgamy boýunça hyzmatdaşlar bilen yzygiderli duşuşyklary, gepleşikleri guramak barada pikir alşyldy. Gurama tarapyndan geçirilýän çärelere gatnaşmagyň, alnyp barylýan işleriň   has-da netijeli bolmagynda tagallalary birleşdirmegiň möhümdigi bellenildi. 
Duşuşygyň çäklerinde Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri türkmen tarapynyň bu ugurdaky işleriniň netijelerine ýokary baha berip,  ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlyga bolan garaýyşlaryny mälim etdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.