Türkmenistanyň Prezidenti Balkanabat şäheriniň häkimini belledi

04.03.2025, 06:3411,479

Maksat Ataberdiýewiç Paşanakow Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkimi wezipesine bellenildi. Ondan öň, ol Balkan welaýatynyň häkimliginiň iş dolandyryjysy wezipesinde işleýärdi.

Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 3-nji martynda gol çekdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Myrat Nazarow Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.