Mart aýynda «Bäherden» keramiki önümleri kärhanasy açylar

08.03.2025, 00:225,213

Şu ýylyň mart aýynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde gurlan keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän zawodyň açylyş dabarasy geçiriler. Bu barada anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow habar berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, wise-premýere Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän «Bäherden» keramiki önümleri kärhanasynyň açylyş dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.