Türkmenistanyň birža söwdalarynda geçen hepdede 23 sany geleşik baglaşyldy

10.03.2025, 15:082,542

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 29 million 355 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen natriý hloridini, karbamidi, ECO-93 kysymly awtoulag benzini, nebit önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Germaniýanyň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň, Ukrainanyň telekeçileri buýan köküni, tüýjümek dokma önümleriniň dürli görnüşlerini, jins matasyny, nah ýüplügi, buýan kökünden taýýarlanan çaý içgisini satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 4 million 200 müň manada deň bolan buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn aldylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.