Serdar Berdimuhamedow Bangladeşi Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

26.03.2025, 13:211,354

Serdar Berdimuhamedow Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammed Şahabuddine Bangladeş Halk Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Mohammed Şahabuddine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Bangladeşiň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Bangladeşde Garaşsyzlyk güni 1971-nji ýyldan başlap, her ýyl 26-njy martda bellenilip geçilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.