Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Monakoda iş saparynda boldy

08.04.2025, 21:3720,034
1 / 5

Ýakynda Türkmenistanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň  Monako Knýazlygyna  iş sapary boldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gaznanyň wise-prezidenti Monako Knýazlygynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Monako Knýazlygynyň Milli geňeşiniň başlygy Tomas Bresso bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda saglygy goraýyş işiniň, daşky gurşawy goramak tagallalarynyň we bu ugurdaky halkara gatnaşyklarynyň meseleleri boýunça pikir alyşdy.
O.Atabaýewa şeýle hem Monako Şazadasy  Albera II  bilen duşuşdy. Onda sport, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak bilen bir hatarda parahatçylykly gatnaşyklary işjeňleşdirmek, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gymmatlygyna laýyk gelýän ýörelgeleri ösdürmek meselelerine garaldy.



Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.