Türkmenistanyň Mejlisi awtomobil ulaglary, migrasiýa we beýlekiler hakynda kanunlary maslahatlaşar

12.04.2025, 10:1620,525

Şu gün, 12-nji aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty geçiriler. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa nobatdaky maslahatyň gün tertibi barada aýtdy.

Bellenilişi ýaly, deputatlar:

  • “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň taslamasyny,
  • “1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda halkara Konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda”,
  • “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”,
  • “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”,
  • “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”,
  • “Awtomobil ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”,
  • “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçynyň maglumaty diňleniler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.