Türkmenistanyň birža söwdalarynyň jemi bahasy 28,3 mln dollardan we 69 mln manatdan gowrak boldy

15.04.2025, 00:513,324

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen nebit ýol bitumyny, awtoulag benzinini, suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Serbiýanyň telekeçilerine nah ýüplük, portlandsement, buýan köküniň gury ekstrakty ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 389 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 69 million 545 müň manada deň bolan polipropileni we nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), boýalan matany, float aýnasyny satyn aldylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.