Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Prezidentiniň Baş geňeşçisi bilen duşuşdy

17.04.2025, 18:538,150

17-nji aprelde Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi M.Işangulyýew Türkiýäniň Prezidentiniň Baş geňeşçisi Çagry Erhan bilen duşuşdy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri bilen bagly möhüm meselelerine hem garaldy. Bu babatda, ilçi M.Işangulyýew şu ýylyň dowamyndaky halkara derejesindäki çäreleriň we ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy bilen türk tarapyny tanyşdyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.