Aşgabat şäheriniň häkimligi «Changsha Zoomlion» hytaý kompaniýasyndan jemagat tehnikalaryny satyn alar

26.05.2025, 20:124,419

Aşgabat şäheriniň häkimligi Hytaý Halk Respublikasynyň «Changsha Zoomlion Environmental Industry Co., Ltd» kompaniýasyndan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtoulaglary, jemagat tehnikalaryny we enjamlary hem-de olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alar. Munuň üçin şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän resminama Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Bu tehnikalar jemagat hojalygy pudagyny ösdürmek, ilatymyza edilýän jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen satyn alnar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.