Türkmenistan Eýrandan çykýan raýatlaryň geçmegi üçin barlag-goýberiş nokatlaryny gije-gündiz işledýär

21.06.2025, 18:0926,419

50-ä golaý döwletler Eýrandan çykýan raýatlarynyň geçmegi üçin ýardam bermek haýyşy bilen Türkmenistana ýüz tutdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň barlag-goýberiş nokatlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň, Koreýanyň, BAE-niň, Saud Arabystanynyň, Omanyň, Bahreýniň, Kataryň, Kuweýtiň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Daniýanyň, Beýik Britaniýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan 2000-den gowrak adamy kabul etdiler.

"Türkmen döwleti ýurdumyzyň gury ýer geçelgelerini, şeýle hem Aşgabadyň Halkara howa menzilini ulanmak bilen, daşary ýurt raýatlarynyň bökdençsiz geçmegi we olaryň öz Watanlaryna dolanmagy üçin zerur çäreleri görýär" diýip, Türkmenistanyň DIM-niň ýaýradan habarynda aýdylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.