Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy

24.06.2025, 00:486,847

23-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdiler.
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatyň gallaçy babadaýhanlary tarapyndan 80 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň öndürilip, bu ugurdaky meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habary aýtdy.
Hasabatlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ak ekin meýdanlarynda  ösdürilip ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça işler dowam edýär.
Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda  ideg etmek işleri dowam edýär.
Bu işler bilen bir hatarda, Daşoguz welaýatynyň şaly ekilen meýdanlarynda  ideg etmek işleri, Lebap welaýatynda şalynyň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi  dowam edýär.  
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek boýunça  işler alnyp barylýar. 
Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, önümçilikde ýokary görkezijileri gazanmak üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň, hususan-da, galla oragynyň talabalaýyk we guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.    
Döwlet Baştutany galla oragynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny belledi we bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.