Türkmenistanyň Prezidenti söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrini belledi

12.07.2025, 07:3512,981

Nazar Halnazarowiç Agahanow Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine bellenildi. Öň ol ministriň orunbasary wezipesinde işläp, ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýärdi.

Degişli resminamalara Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi. Mejlisde şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Mejlisiň barşynda wezipä täze bellenen N.Agahanow özüne bildirilen ýokary ynam hoşallygyny beýan edip, ministrligiň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.