Türkmenistanyň we Tunisiň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar

20.07.2025, 14:402,299

19-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Tunis Respublikasynyň daşary işler, migrasiýa we daşary ýurtlardaky tunisliler boýunça ministri Mohamed Aly Nafti telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri boýunça pikir alşyp, özara gatnaşyklary has-da ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny belläp geçdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça III maslahatynyň (LLDC 3) guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.