Tom Aspinall UFC-niň Abu-Dabide geçiriljek ýaryşynda Siril Gan bilen duşuşar

24.07.2025, 10:044,914

25-nji oktýabrda Abu-Dabide geçiriljek UFC 321 ýaryşynda agyr agramda çempion (120 kilograma çenli) britaniýaly Tom Aspinall bilen fransuz Siril Ganyň arasynda söweş bolar. Bu barada X sosial ulgamynda söweş mahabatynyň resmi akkaunty habar berdi.

Söweş agşamyň esasy wakasy bolar.
32 ýaşly Aspinall 2024-nji ýylyň iýulynda Mançesterde geçen UFC 304-däki soňky söweşiniň  birinji tapgyrynda amerikaly Kýortis Bleýdsi ýeňdi. Fransuz Siril Gan 2024-nji ýylyň dekabrynda UFC 310-de eminleriň bölünen karary bilen russiýaly Aleksandr Wolkowy ýeňdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.