Raşid Meredow San-Marinonyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

24.07.2025, 13:081,949

23-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow San Marinonyň daşary işler, syýasy meseleler, halkara ykdysady hyzmatdaşlyk we sanly geçiş boýunça ministri Luka Bekkari bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara düzümleriň çäginde özara gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC 3) gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.