1-nji awgustdan Türkmenistanyň Hökümetiniň ýolbaşçylary zähmet rugsadyna çykarlar

26.07.2025, 13:0012,000

25-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly şu aýdaky soňky mejlisi geçirildi. 1-nji awgustdan başlap oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylaryň zähmet rugsady başlanýar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip aýtdy.

Döwlet Baştutany ýolbaşçylaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda saglygyny berkidip, dynç alyp biljekdiklerini belledi.

“Halkara çäreleriň geçýändigi bilen baglylykda, käbir ýolbaşçylar zähmet rugsady döwründe guramaçylyk işine hem gatnaşarlar” diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylaryň ählisine zähmet rugsady döwründe gowy dynç almagy arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.