Türkmenistanyň we Somaliniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar

04.08.2025, 20:002,492

4-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Somali Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary Isaak Mohamud Mursal bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, somali tarapy Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny goldaýar we ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidi üçin konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýar.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň halklaryň arasyndaky parahatçylyk, birek-birege hormat goýmak we düşünişmek ýaly ýokary ideallara iş ýüzünde ygrarlylygyny tassyklaýandygy nygtaldy.
Somali Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň (LLDC 3) aýratyn ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň Hökümetiniň çäräni geçirmekdäki tagallalaryna ýokary baha berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.