Kiokuşinkaý karate boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Merkezi Aziýa Kubogyna gatnaşýar

16.08.2025, 17:303,781

Türkmenistanyň kiokuşinkaý karate boýunça ýygyndy topary Merkezi Aziýa Kubogyna gatnaşmak üçin Özbegistana ugrady. Ýaryş 18–20-nji awgustda Daşkent şäherinde geçiriler.

Sebitdäki iň güýçli türgenleri jemlejek ýaryş türkmen karateçileri üçin 2025-nji ýylyň 28–31-nji noýabry aralygynda Ýaponiýanyň Maebasi şäherinde geçiriljek Dünýä çempionatyna taýýarlygyň möhüm tapgyry bolar.
Milli ýygyndymyzyň wekiliýetine Meýlis Paşagulyýew ýolbaşçylyk edýär. Toparda 40 türgen we 3 tälimçi bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.