Azerbaýjanda oktýabr aýynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

30.08.2025, 18:222,826

2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu barada Trend agentligi habar berýär.

Çäreler iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer we medeni hyzmatdaşlygyň çäginde guralyp, halklaryň arasyndaky dostlugy hem-de özara düşünişmegi berkitmekde möhüm waka bolar.
Maksatnamanyň çäginde sungat ussatlarynyň konsertleri, amaly-haşam sungaty we halk senetleri boýunça sergiler, şeýle-de medeniýet işgärleriniň duşuşyklary geçiriler.
Jogap hökmünde 2026-njy ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu bolsa medeni alyş-çalşygyň ösdürilmegine we ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygyň giňelmegine goşmaça itergi berer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.