“28 ýyldan soň: Süňkler ybadathanasy” filminiň ilkinji treýleri peýda boldy

05.09.2025, 17:2210,601
1 / 2

Sony Pictures “28 ýyldan soň: Süňkler ybadathanasy” filminiň ilkinji doly treýlerini çykardy. Treýlerde tanyş gahrymanlar bilen birlikde  täze keşpler hem bar.

Filmiň öňki ýordumy ölüm halynda ýatan ejesi üçin lukman gözleýän oglan hakda. Ol 28 ýyl ozal ýaýran ýokanjyň ýüze çykan ýurdunda lukmanyň gözlegine çykýar. "Süňkler ybadathanasyndaky" wakalar täze trilogiýanyň ilkinji filminiň wakalaryndan soň ýaýbaňlanýar.
Filmde baş keşplerde Jodi Komer, Aaron Teýlor-Jonson (“Soňy”), Ralf Fiennes (“Konklaw”, “Şindleriň sanawy”) we Jek O'Konnell (“Ferrari”) çykyş edýär.
"28 ýyldan soň: Süňkler ybadathanasy" filmi 2026-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda prokata çykar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.