Daniýaly režissýor Bille Awgust moda dizaýneri Jorjo Armaniniň ömrüne we karýerasyna bagyşlanan "Armani: Modanyň patyşasy" atly doly metražly terjimehal häsiýetli filmiň režissýorlygyna bellendi diýip, Deadline habar berýär.
Taslama öň "Ferrari" we "Lamborgini: Rowaýaty adam" filmleriniň üstünde işlän Andrea Iýerwolino prodýuserlik eder. Film XX we XXI asyrlaryň iň meşhur dizaýnerleriniň biriniň durmuş we hünär ýoluny beýan eder.
Bille Awgust "Ýeňiji Pelle" we "Ýagşy niyetler" filmleri üçin Kann kinofestiwalynda iki gezek "Altyn palma şahasy" baýragyna mynasyp boldy. "Ýeňiji Pelle" iň gowy daşary ýurt filmi hökmünde hem "Oskar" baýragyny gazandy. Onuň beýleki eserleriniň arasynda "Ýekirilenler", "Ruhlaryň öýi" we "Graf Monte-Kristo" serialy bar.
“Bu film diňe bir meşhur dizaýner hakyndaky kino bolman, eýsem, Italiýanyň medeni dünýäsiniň bir bölegine öwrülen we täsiri modanyň çäginden has uzaklara ýaýran adam baradadyr. Biz bu mirasy duýgurlyk, akyl we kinematografik gözellik bilen hormatlap biljek režissýor tapmak isledik” - diýip, Iýerowolino belledi.
Ozal habar beriş serişdeleri taslamanyň režissýory we ssenariçisi Bobbi Moresko diýip görkezipdi. Indi ol filmiň edebi esasynyň awtory bolup galar. Deadline neşiriniň maglumatyna görä, filmiň Wengriýada surata düşürilmegi mümkin. Prodýuser ozal bu kararyny italýan kino senagatynyň maliýeleşdiriş ulgamyndaky üýtgeşmeler bilen baglanyşdyrypdy.