«Pil adam», «Guzularyň dymmagy», «Kaka», «Gannibal» ýaly filmlerde baş keşpleri ýerine ýetiren tanymal britaniýaly aktýor Entoni Hopkins «Decca Classics» leýbli bilen şertnama baglaşdy. Ol şu ýylyň 21-nji awgustynda özüniň döreden sazlaryndan ybarat ilkinji resmi albomyny köpçülige hödürlär diýip, Variety neşiri habar berýär.
«Life Is a Dream» diýlip atlandyrylan bu alboma 88 ýaşly aktýoryň 60 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ýazan saz eserleri giriziler.

Entoni Hopkins dört ýaşyndan bäri fortepiano çalýar we eýýäm çagalykda Bethoweniň hem-de Şopeniň eserlerini ýerine ýetirýärdi. Ýetginjeklik ýyllarynda bolsa dürli sahna oýunlary üçin saz düzüp başlady.
Aktýor saz barada şeýle belleýär: «Saz meniň ilkinji islegimdi, ilkinji arzuwymdy. Men bütin ömrümiň dowamynda saz döretdim. Bu eserleriň käbiri onlarça ýyl bäri meniň içimde ýaşaýar we men häzirem olara dolanýaryn».
Täze albomdaky eserleri wenesuelaly dirižýor Gustawo Dudameliň ýolbaşçylygyndaky «Filarmoniýa» orkestri ýerine ýetirdi. Albomyň «Bracken Road» diýlip atlandyrylan ilkinji singli eýýäm anna güni diňleýjilere ýetirildi. Bu saz eseri Hopkinsiň Günorta Uelsdäki Margam şäherçesinde geçen çagalyk ýatlamalaryndan ylham alyp döredildi.
Özbaşdak öwrenen höwesjeň kompozitor Entoni Hopkins saz äleminde-de yz galdyrdy. 2012-nji ýylda ol gollandiýaly skripkaçy Andre Rýonyň «And the Waltz Goes On» albomyna goşan goşandy üçin «Classic Brit Award» baýragyna mynasyp boldy. 2025-nji ýylda Saud Arabystanyndaky konsertde Britaniýanyň Patyşalyk filarmoniýa orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Life Is a Dream» eserini ilkinji gezek janly ýerine ýetirip çykyş etdi.