Britaniýaly režissýor Jo Raýt awstraliýaly ýazyjy Tim Wintonyň "Juice" atly ylmy-fantastik romany esasynda film surata düşürer. Filmde wakalar howa betbagtçylygyny başdan geçiren dünýäde ýaýbaňlanýar.
Romanyň baş gahrymany - gizlin garşylyk guramasyna goşulan ýaş kaka. Onuň agzalary betbagtçylyga sebäp bolan baý we abraýly adamlaryň yzyny yzarlaýarlar. Olaryň operasiýalarynyň biri başa barmandan soň, baş gahrymanyň özi gaçgak bolup galýar.
Filmiň edebi esasyny "Utanç" teleserialy bilen tanalýan Abi Morgan ýazar.
"Tekepbirlik we köne pikir" (2005), "Günäňi ýuwmak" (2007), "Anna Karenina" (2012) we "Çökgünlik döwri" (2017) filmleri bilen tanalýan britaniýaly režissýor Jo Raýt Tim Wintonyň romanyny hem maşgala dessany, hem herekete çagyryş diýip atlandyrýar.