«Supergörl» tamany ödemedi: Warner Bros. 100 mln dollardan gowrak ýitgi çekip biler

Şu gün, 17:261,001
1 / 2

«Supergörl» filmi Warner Bros. we DC Studios studiýalary üçin kassa ýygymy boýunça uly şowsuzlyga öwrülmek töwekgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz boldy. «Variety» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, ekranlara çykan ilkinji dynç günlerinde bu film bütin dünýäde bary-ýogy 62,6 million dollar ýygnady, munuň 37,1 million dollary Demirgazyk Amerikanyň paýyna düşdi.

Bu blokbasteriň önümçiligi studiýa, takmynan, 170 million dollara düşüpdi, onuň marketingi üçin bolsa ýene-de 120 million dollar töweregi serişde sarp edildi. Maliýe analitikleriniň baha bermelerine görä, «Supergörl» filminiň çykdajylaryny ýapmagy üçin prokatda azyndan 300–375 million dollar gazanmagy gerek. Häzirki wagtda hünärmenler dünýä boýunça gutarnykly kassa ýygymynyň 200–210 million dollar töwereginde boljakdygyny çak edýär. Şeýle ýagdaýda Warner Bros. kompaniýasynyň arassa ýitgisi 80 milliondan 120 million dollara ýetip biler.

«Exhibitor Relations» kompaniýasynyň analitigi Jeff Bok bu şowsuzlygy diňe bir filmiň hili bilen däl-de, eýsem baş gahrymanyň aýratynlyklary bilen baglanyşdyrýar:

«Supergörl hiç wagt ýeke özi blokbasteri alyp çykyp biljek gahrymanyň derejesinde bolmandy».

«Supergörl» täzelenen DC kino äleminiň ikinji taslamasy boldy. Ol Jeýms Gannyň içerki prokatda 125 million dollar bilen başlap, bütin dünýäde umumylykda 618 million dollar gazanan «Supermen» filminden soňra ekranlara çykdy.

Bu täze filmiň şowsuzlyga uçramagyna garamazdan, hünärmenler tomaşaçylaryň supergahrymanlar baradaky kinolara bolan gyzyklanmasynyň doly ýitendigini aýtmaýar. Betmen, Möý adam ýa-da Ar alyjylar ýaly meşhur gahrymanlara auditoriýa tarapyndan isleg bar bolup, olar henizem uly kassa ýygymyna bil baglap bilýär, ýöne az tanalýan gahrymanlar baradaky taslamalar ýygy-ýygydan şowsuzlyga duçar bolýar.

Analitikler indi kinostudiýalaryň komiksleriň ikinji derejeli gahrymanlary bilen işlemek strategiýasyna täzeden seretmeli boljakdyklaryny we olaryň önümçilik býujetlerini köpçüligiň söýgüli gahrymanlaryna sarp edilýän çykdajylara deň bolmaz ýaly derejede azaltmaly boljakdyklaryny çak edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.