«Amerikanyň Aýowa ştatynda ýaşaýan 93 ýaşly Orrin Asmus dünýäniň ýük ulagynyň häzir hem işläp ýören, iň garry sürüjisi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna resmi taýdan girmäge taýýarlanýar» diýip, UPI habar berýär.
Asmus 19 ýaşyndan bäri uly ýük ulaglaryny dolandyrýar, soňky 11 ýyly bolsa McLaughlin Freight kompaniýasynda zähmet çekýär. Onuň rekord goýmak üçin arza bermegine şol firmanyň ýolbaşçylary döwtalap boldular. Amerikaly gojanyň kärdeşleri internetdäki maglumatlary öwrenip, Orriniň häzirki netijeden hem geçip biljekdigine göz ýetirdiler.
Edil häzir bu titulyň eýesi 92 ýaşly Doýl Arçerdir. Ol öz rekordyny 2024-nji ýylda, 90 ýaşyndaka goýdy we 2025-nji ýylyň dekabrynda tassyklatdy.
Eýýäm 70 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edip gelýän zähmet ýolunyň dowamynda Orrin Asmus umumylykda takmynan 8 million kilometr ýol geçmegi başardy. Ol Alýaska we Gawaý adalaryndan başga, Amerikanyň tas ähli ştatlarynda bolup, ýurduň ähli künjegine diýen ýaly ýük daşady.