«Aang hakynda rowaýat: Iň soňky howa jadygöýi» multfilminiň doly treýleri çykdy

Düýn, 12:171,613
1 / 2

Paramount Plus striming platformasy «Awatar: Aang hakynda rowaýat» multserialynyň dowamy bolan «Aang hakynda rowaýat: Iň soňky howa jadygöýi» doly metražly multfilminiň doly derejeli treýlerini hödürledi.

Taslamany döredijiler multfilmiň premýerasyny meýilleşdirilen möhletinden birnäçe aý öňe süýşürdi — multfilm eýýäm 25-nji iýulda tomaşaçylara elýeterli bolar.

Täze 90 minutlyk lentanyň sýužeti ilkibaşdaky serialyň wakalary tamamlanandan birnäçe ýyl soň ýaýbaňlanýar. Eýýäm ýigit çykan Aang howa çarwalarynyň medeniýetini doly ýitip gitmekden halas edip biljek gadymy güýjüň bardygyny bilýär. Ony tapmak üçin bolsa özüniň wepaly dostlary — Katara, Sokka we Tof bilen birlikde täze syýahata ugraýar.

Baş gahrymana Erik Nam, onuň esasy garşydaşyna bolsa Deýw Bautista ses berdi.

Entek resmi premýerasyndan öň film syzma sebäpli üns merkezine düşüpdi: aprel aýynda haker tarapyndan filmiň doly görnüşi ýokary hilli formatda internete çykaryldy. Şonda döredijiler bu ýagdaýy işçi topary üçin agyr zarba diýip atlandyrdy hem-de tomaşaçylary resmi premýera garaşmaga çagyrdy. Muşdaklaryň käbir bölegi bolsa Paramount-yň multfilmi kinoprokata goýbermän, göni striming platformalarynda çykarmak çözgüdini tankytlady.

Şeýle-de, serialy döredijiler bu multfilmiň Avatar Studios-yň uly göwrümli meýilnamalarynyň diňe bir bölegidigini aýtdy. Häzirki wagtda beýleki taslamalaryň üstünde hem işler alnyp barylýar. Awtorlar olar barada wagty gelende mälim etmegi wada berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.