"Maýkl" "Oppengeýmerden" öňe geçdi we kino taryhynda iň köp girdeji gazanan baýopik film boldy

Düýn, 16:392,026

"Pop aýdym-sazyň şasy" Maýkl Jeksonyň durmuşyna bagyşlanan "Maýkl" atly terjimehal häsiýetli film öz görnüşindäki iň köp girdeji gazanan film boldy. Variety žurnalynyň maglumatlaryna görä, filmiň dünýä boýunça kassa ýygymyndaky girdejisi 977 million dollara ýetdi.

Film öňki rekordyň eýesi, Kristofer Nolanyň 975 million dollar girdeji gazanan "Oppengeimer" filminden öňe geçdi. Indi bolsa "Maýkl" 1 milliard dollarlyk bellige golaýlaýar, bu derejä öň hiç bir baýopik filmi ýetmändi.

Filmiň režissýory Antuan Fukua, baş keşbi bolsa aýdymçynyň ýegeni Jaafar Jekson janlandyrdy.

Şeýle hem, bu film Lionsgate studiýasy üçin taryhda iň köp girdeji getiren taslama boldy. Döredijiler häzirki wagtda filmiň dowamynyň üstünde işleýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.