Aşgabatda ýakyn günlerde sowadyjyly 700 sany täze ýolagçy awtobuslary hyzmat edip başlar

08.09.2025, 22:4039,188

Aşgabada uzynlygy 12 metr bolan «Yutong» kysymly, üç gapyly, sowadyjyly ýolagçy awtobuslarynyň 700-si getirildi. Olar ýakyn günlerde ýolagçylara hyzmat edip başlar diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Täze awtobuslaryň hereketlendirijisi ekologik häsiýetli «Euro 5» ölçeglerine laýyk gelýär. Olarda ulag hyzmaty üçin töleg geçirilişi sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar.
Awtobusda ulaga münýän we ondan düşýän ýolagçylaryň hasabyny ýöredýän abzallar gurnalan. Şeýle hem onda ýolagçylar üçin sowadyjy enjam hem bar. Awtobusda GPS ulgamynyň we gurnalan wideokameralaryň kömegi bilen, wideogözegçilik arkaly ulagyň hereketine we sürüjiniň işine gözegçilik etmek üçin ornaşdyrylan häzirki zaman intellektual ulgamy bar.
Täze awtobusda ses we şekil ulgamyna degişli enjamlar, mümkinçiligi çäkli ýolagçylar üçin enjam hem-de ýol ugrunda haýsy duralgalara gelnendigini habar berýän enjam hem bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.