Magtymguly adyndaky TDU Russiýanyň we Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleri bilen täze Ähtnamalara gol çekişdi

13.10.2025, 16:1313,436
1 / 3

10-njy oktýabrda Aşgabatda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Russiýa Federasiýasynyň hem-de Türkiýäniň birnäçe ýokary okuw mekdepleri bilen ylalaşyklary baglaşdy. 

Hususan-da,

  • "Magtymguly adyndaky TDU bilen Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama”;
  • “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Perm döwlet milli barlag uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga”;
  • “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ankara Sosial bilimler uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekmek dabaralary geçirildi.

Dabaralarda bellenilişi ýaly, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak, ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk arkaly ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak täze taryhy döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolup, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp hünärmenleri taýýarlamakda uly orna eýe bolýar. Şunda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklar aýratyn ähmiýete eýedir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.