«Forsažyň» ýyldyzy Win Dizel robot-boksçylar baradaky filmiň ssenarisini ýazar we oňa gatnaşar

08.12.2025, 13:213,526

«Forsaž» franşizasy boýunça belli bolan aktýor Win Dizel Mattel kompaniýasynyň boksçy robotlar baradaky taslamasynyň ssenariçisi we prodýuseri bolup çykyş eder, şol bir wagtyň özünde-de baş keşbi ýerine ýetirer. Bu barada Deadline habar berýär.

Film meşhur Rock 'Em Sock 'Em Robots stol oýnuna esaslanar. Oýun ilkinji gezek 1964-nji ýylda çykaryldy we şondan bäri giň meşhurlyk gazandy.
Geljekki filmiň sýužeti entek gizlin saklanýar. Bellenilişi ýaly, munuň bilen birlikde Dizel «Forsažyň» jemleýji bölümini we Riddik barada täze film düşürmek bilen hem meşgullanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.