Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2026-njy ýylda geçiriljek sergileriň tertibini neşir etdi

24.12.2025, 09:532,955

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2026-njy ýylda ýurdumyzda geçiriljek halkara sergileriň tertibini neşir etdi.

  • 10–12 fewral — Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi
  • 17–19 mart — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalarynyň maslahaty
  • 18 mart — «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy
  • 14–16 aprel — «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty
  • 28–30 aprel — Türkmen‑Hytaý işewürlik forumy we sergisi
  • 12–14 maý — «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi
  • 24–25 maý — «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisi
  • 4–6 iýun — «Turkmentextile Expo – 2026» atly halkara sergi‑maslahaty
  • 19–22 awgust — «Kids Expo: çagalar üçin ähli zat» atly halkara sergi‑ýarmarkasy
  • 17–19 sentýabr — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi
  • 1–30 oktýabr — Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF)
  • 10–12 oktýabr — «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty
  • 21–23 oktýabr — «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara maslahaty we halkara sergisi
  • 3–5 noýabr — «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergisi we maslahaty
  • 24–26 noýabr — «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2026» atly halkara maslahaty we sergisi hem-de «Türkmentel – 2026» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.