Loona brendiniň täze zarýad berijisi iPhone-y stol haýwanjygyna öwürýär

08.01.2026, 21:2722

Loona brendi Las-Wegasdaky CES 2026 halkara sergisinde DeskMate dok-stansiýasyny tanyşdyrdy. Ol iPhone-y emeli aňly stol robot-haýwanjygyna öwürýär. Enjam smartfona MagSafe arkaly zarýad berýär we onuň displeýini robotyň «kellesi» hökmünde ulanýar diýip, The Verge ýazýar.

Dok-stansiýasyna birikdirilenden soň, telefonda animirlenen gözleri görkezýän programma işleýär. Enjamyň gurluşy kelläniň hereketine öýkünip, smartfony hereketlendirmäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, ol baş atyp, ulanyja tarap öwrülip ýa-da robot gamlanýan ýaly aşak eglip bilýär.
Enjama girizilen EA modeli (öndüriji hut haýsy modeldigini aýtmaýar) «öý haýwanjygy» bilen söhbetdeş bolmaga, internetde maglumat gözlemäge, pikirleri bellemäge we wideokonferensiýanyň netijesi boýunça gysgaça hasabat döretmäge mümkinçilik berýär. Bularyň ählisi ýazylyşyk bolmazdan işleýär, ýöne kömekçiniň doly işlemegi üçin internet birikmesiniň durnukly bolmagy gerek.
Stansiýa adaty zarýad beriji hökmünde-de işleýär. Onuň üç USB-C we bir USB-A porty bar. Enjam 12-nji seriýadan başlap, diňe iPhone modelleri bilen gabat gelýär.
DeskMate-iň satuwy 2026-njy ýylyň martyna meýilleşdirilýär. Enjamyň takyk bahasy belli däl, ýöne brendiň wekilleri onuň 300 dollardan gymmat bolmajakdygyny aýdýar.