Honda kompaniýasy «H» harpynyň şekilindäki belli nyşanynyň täze görnüşini hödürledi. Täzelenen logotip kompaniýanyň özgertmelerini we onuň täze nesil elektromobilleriniň we gibridleriniň önümçiligine geçişini aňladýar.

Täze logotip aýasyny açyp duran iki eli ýada salýar. Honda şeýle şekili saýlamak bilen, täze ulag görnüşlerine açyklygy we sürüjileriň zerurlyklaryna has ýokary ünsi görkezmegi maksat edinýär. Logotip brendiň 1963-nji ýyldaky ilkinji nyşanyndan ylham alyp döredildi. Ol elektrik eýýamy üçin mahsus bolan döwrebap we minimalistik stile eýe boldy.
Täze «H» ilkinji gezek 2024-nji ýylda Honda 0 Series konseptlerinde görkezildi. Täzelenen logotipli ilkinji önümçilik awtoulagy 0 Series-e esaslanýan elektrik krossower bolar. Onuň 2026-njy ýylyň ahyrynda çykmagyna garaşylýar.
Belläp geçsek, GAC Honda we Dongfeng Honda ýaly bilelikdäki kärhanalardan käbir modeller eýýäm täzelenen nyşany ulanyp başlady. Täze logotip kem-kemden salonlarda, mahabatda we hatda motosportda hem peýda bolar.