Poslan, ýöne durkuny saklan Mercedes-Benz 300 SL awtoulagy 5,2 million dollara satyldy

31.01.2026, 16:4228
1 / 5

1956-njy ýylda öndürilen Mercedes-Benz 300 SL kupesi Artcurial auksionynda 4 407 800 ýewro (takmynan 5 245 000 dollar) baha satyldy. Autoevolution neşiriniň habar bermegine görä, bu möçber degişli modeliň standart görnüşi üçin şu wagta çenli tölenen iň ýokary bahadyr.

Awtoulagyň beýle gymmat bahalanmagynyň esasy sebäbi onuň hakykylygydyr. Awtoulag şu wagta çenli hiç haçan durky täzelenmäge degişli edilmändir; onuň zawod reňki we asyl enjamlary doly saklanyp galypdyr. Hatda awtoulagdaky döwlet belgisi hem 1956-njy ýylda berlen asyl nusgasydyr. 70 ýyla golaý wagtyň dowamynda bu seýrek tapyndy bary-ýogy 34 000 kilometr ýol geçipdir.
Ulagyň hereketlendirijisi güýçlendirilen bolup, ýörite sport podweskasyna eýe.
Bu konfigurasiýada dünýä boýunça diňe 60 töweregi awtoulag öndürilipdir.
Awtoulagyň ilkinji eýesi şol döwürde elýeterli bolan ähli goşmaça opsiýalary sargyt edipdir, diňe ýeňilleşdirilen alýumin kuzow muňa degişli däl.
300 SL maşgalasynyň baha rekordy bolsa heniz hem Alloy wersiýasyna degişlidir. Diňe 29 sanysy öndürilen alýumin kuzowly bu model 2024-nji ýylda 9 355 000 dollara satylypdyr.