«Çirkin ses 7» franşizanyň iň girdejili filmi boldy

16.03.2026, 19:242,736

«Çirkin ses 7» (Крик 7) sleşer filmi dünýä prokatynda 176,9 million dollar girdeji gazanyp, bu meşhur franşizanyň taryhynda iň köp peýda getiren taslama boldy.

Mundan ozalky rekord 1996-njy ýylda çykan we 173 million dollar (inflýasiýany hasaba almazdan) girdeji gazanan birinji bölüme degişlidi. Franşizanyň 1997-nji ýyldaky ikinji bölümi bolsa 172 million dollar toplapdy.

Täze filmiň girdejisiniň 106,5 million dollary ABŞ-nyň we Kanadanyň paýyna düşse, 70,4 million dollary halkara meýdançalarda gazanyldy.

Filmiň sýužeti Sidni Preskott (Niw Kempbell) we onuň gyzynyň ganhor Arwahýüz bilen alyp barýan göreşi baradadyr. Şeýle-de, filme Kortni Koks, Izabel Meý, Makkenna Greýs, Dewid Arkett we Metthýu Lillard ýaly aktýorlar gatnaşdy.

Režissýor Kewin Wilýamsonyň bu filmi 31-nji martda sanly platformalarda çykar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.