Piter Parker indi ýok, Nýu-Ýorky kim goraýar? Marvel Möý adam barada täze filmiň treýlerini görkezdi

19.03.2026, 22:085,953
1 / 2

Marvel kompaniýasy «Möý-adam: Düýbünden täze gün» (Человек-паук: Совершенно новый день) filminiň ilkinji treýlerini görkezdi. Filmiň premýerasy 31-nji iýulda, ýagny «Ar alyjylar: Kyýamat güni» filminiň çykmagyna bäş aý galanda bolar.

«Möý-adam: Düýbünden täze gün» Piter Parkeriň durmuşyndaky täze bir baby gürrüň berer. «Öýe ýol ýok» (Нет пути домой) filminiň wakalaryndan bäri dört ýyl geçdi — Piteriň barlygyny ýakynlary doly unudan hem bolsa, gahryman Nýu-Ýork şäherini jenaýatçylykdan goramagyny dowam etdirýär.

Filmiň režissýory Marvel äleminiň «Şan-Çi we on ýüzügiň rowaýaty» filminiň awtory Destin Daniel Kretton boldy. Baş rollara Tom Holland, Zendeýa we Jekob Batalon dolanyp geldi. Şeýle hem filmde Halk we Jezalandyryjy, mundan başga-da «Geň zatlar» (Очень странные дела) serialynyň ýyldyzy Sedi Singiň ýerine ýetirmeginde näbelli bir gahryman peýda bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.