Toyota Polşanyň Wroslaw şäherinde sanly merkez açdy

22.04.2026, 12:243,463

Toyota Motor Europe Polşanyň Wroslaw şäherinde Ýewropadaky Toyota we Lexus awtomobilleri üçin programmalary işläp düzjek sanly merkeziň açylandygyny yglan etdi.

Merkezde 200-e golaý tehniki hünärmeniň işlemegine garaşylýar. Olaryň esasy wezipesi — 2 milliondan gowrak müşderiniň ulanýan MyToyota we LexusLink+ goşundylaryny ösdürmekden we kämilleşdirmekden ybarat. Bu hyzmatlar awtomobiliň funksiýalaryny uzakdan dolandyrmaga, akkumulýatoryň zarýad derejesini barlamaga we beýleki amatly mümkinçiliklerden peýdalanmaga şert döredýär.

Şeýle-de, merkeziň topary birikdirilen hyzmatlaryň işini üpjün edýän bulut infrastrukturasyny ösdürmek bilen meşgullanar we kiberhowpsuzlyk bilen bagly meseleleri çözmäge gatnaşar.

Bu merkeziň açylmagy Toyota-nyň Wroslawdaky ýene bir maýa goýumy boldy. Şäherde 2015-nji ýyldan bäri kompaniýanyň Ýewropadaky bölümleri üçin buhgalterlik we salgyt hyzmatlaryny berýän Umumy hyzmatlar merkezi işleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.