Çykdajyly tygşytlama: awtoulagyň hereketlendirijisini zaýalap biljek internet maslahatlary

25.04.2026, 21:478,860

Awtoulagyň abatlaýyş işlerini geçirende pul tygşytlamak barada internetde meşhur maslahatlar uly näsazlyklaryň döremegine sebäp bolup biler. Bu barada Fit Service halkara awtoulag abatlaýyş ulgamynyň bilermenleri habardar edýärler. 

Iş ýüzünde synagdan geçirilmedik "laýfhaklar" köplenç ulag eýelerine  peýda getirmegiň deregine, abatlaýyş işleriniň ep-esli  gymmada düşmegine sebäp bolýar.

Bilermenler awtoulagyň ýangyç bakyny boş diýen ýaly goýup sürmegiň iň howply mifleriň biridigini aýdýarlar. Internetde munuň ýangyjy tygşytlamaga mümkinçilik berýändigi baradaky ýazgyny tapmak bolýar. Aslynda, bu usul benzin arkaly sowadylýan ýangyç nasosynyň sandan çykmasyny çaltlaşdyrýar we ýangyç ulgamynyň hapalanmak howpuny artdyrýar.

Ýagy çalyşmagyň düzgünlerini berjaý etmezlik hem az howp salanok: şäher dykynlary we temperaturanyň üýtgäp durmagy  şertlerinde suwuklyk öz häsiýetlerini has çalt ýitirýär, bu bolsa hereketlendirijini düýpli abatlanmaly ýagdaýa getirip bilýär.

Şeýle hem, sürüjilere radiatory arassalamak we antifrizi çalyşmak işlerini gözden salmazlyk  maslahat berilýär, sebäbi näsaz sowadyş ulgamy, hatda adaty düşýän agramda hem hereketlendirijiniň gyzmagyna sebäp bolup biler.

Pul tygşytlamak üçin pes oktanly ýangyjy ulanmak we "garaž sazlamasy" — mysal üçin, asma ulgamyny peseltmek ýa-da katalizatory aýyrmak goşmaça töwekgelçiliklere getirýär. Şeýle çäreler ulagyň dolandyrylyşyny ýaramazlaşdyrýar we elektronikanyň näsazlyk tapmagyna sebäp bolýar.

Bilermenler awtoulagyň çylşyrymly tehniki ulgamdygyny nygtaýarlar, şonuň üçin öndürijiň maslahatlaryna eýermek şübheli maslahatlary özbaşdak synag etmekden has peýdalydyr.
 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.