FIFA dünýä çempionaty wagtynda ABŞ-ndaky stadionlaryň atlaryny üýtgeder

09.05.2026, 01:344,523

ABŞ-da futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryny kabul etjek Milli futbol ligasynyň (NFL) stadionlarynyň atlary wagtlaýynça üýtgediler.

Turnir 11-nji iýunda başlanar we ol ABŞ-nda, Kanadada hem-de Meksikada geçiriler. Bu 48 toparyň gatnaşmagyndaky ilkinji dünýä çempionaty bolar. Oýunlaryň geçjek 16 stadionynyň 11-si ABŞ-nda ýerleşýär.

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) ýaryş döwründe arenalaryň bitarap atlaryny ulanmagy we gurama bilen baglanyşygy bolmadyk hemaýatkärleriň logolaryny aýyrmagy talap etdi. Netijede, NFL-iň köp sanly meşhur stadionlarynyň adaty täjirçilik atlary çalşylyp, FIFA-nyň resmi atlary ulanylar.

Stadionlaryň sanawy:

«Mersedes-Benc» stadiony – Atlanta stadiony;

«Jilett» stadiony – Boston stadiony;

AT&T stadiony – Dallas stediýum;

NRG stadiony – Hýuston stediýum;

«Errouhed» stadiony – Kanzas-Siti stediýum;

SoFi stadiony – Los-Anjeles stediýum;

«Hard Rok» stadiony – Maýami stediýum;

«MetLaýf» stadiony – Nýu-Ýork – Nýu-Jersi stadiony;

Lincoln Financial Field stadiony – Filadelfiýa stediýum;

Levi’s Stadium stadiony – San-Fransisko Beý Arié stediýum;

«Lýumen Fild» stadiony – Sietl stediýum.

Bu üýtgeşmeler FIFA-nyň özüniň iň iri turnirinde brendleriň ulanylyşyna gözegçilik edýändigi bilen baglydyr. Milli futbol ligasynyň janköýerleri üçin stadionlar öňki tanymallygyna galsa-da, dünýä çempionaty döwründe olar täze atlara we başga görnüşe eýe bolarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.