Adamyň iki gözüniň gelip çykyşy «üçünji göz» bilen bagly bolup çykdy

07.06.2026, 19:52229
1 / 3

Alymlar oňurgaly jandarlaryň, şol sanda adamlaryň gözleriniň gelip çykyşy baradaky köpden bäri çözülmän gelinýän uly syryň üstüni açdylar. Current Biology žurnalynda çap edilen täze ylmy gözlege görä, biziň häzirki jübüt gözlerimiz mundan 600 million ýyl ozal ýaşan gadymy gurçuk şekilli jandaryň merkezde ýerleşen ýekeje gözünden emele gelipdir.

Alymlar bu gadymy jandaryň ilki başda üç gözi bolup, wagtyň geçmegi bilen az hereketli durmuş ýörelgesi sebäpli onuň gapdal gözleriniň ýitip gidendigini, ýöne ýagtylygy we ugurlary saýgarmak üçin ýekeje merkezi gözüniň saklanyp galandygyny anyladylar.

Neýrobiolog Tom Baden muny: ''Ýokary nirede, aşak nirede ýa-da häzir gijemi ýa gündiz, bulara düşünjek bolmak derwaýyslygy şol durşuna galýar, şonuň üçin hem merkezi göz saklanyp galypdyr" diýip düşüdirýär.

Soňra haýwanlar gaýtadan işjeň hereket edip başlanlarynda, ewolýusiýa şol saklanyp galan ýeke-täk gözi has çylşyrymlaşdyryp, ikä bölüpdir we kelläniň gapdallaryna süýşüripdir.

Gözlegçiler şol gadymy merkezi gözüň galyndysynyň häzirki wagtda ynsanyň beýnisinde uky düzgünini kadalaşdyrýan çiş şekilli mäze öwrülendigini, munuň janly mysalynyň bolsa kellesiniň üstünde hakyky "üçünji gözi" bolan Täze Zelandiýanyň gatteriýa atly süýrenijisinde häzir hem saklanyp galandygyny belleýärler.