iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

13.06.2026, 07:352,445
1 / 3

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler.

Barlagçylar iki smartfony hem dargatdylar we olardaky bölekleriň, berkidiji elementleriň hem-de goraýjy stikerleriň ýerleşişiniň birmeňzeşdigini habar berdiler. Ýeke-täk üýtgeşiklik batareýada ýüze çykdy: «Trump Mobile-yň» batareýasynyň kuwwaty 400 mAch (milliamper-sagat) köp eken.

Barlagyň barşynda hünärmenler iki enjamyň şaýlaryny çalşyp gördüler we olaryň işleýşinde hiç hili düýpli tapawut ýüze çykarmadylar.

iFixit ne HTC-niň, ne-de «Trump Mobile-yň» bejermek üçin asyl nusgadaky ätiýaçlyk şaýlaryny we görkezmeleri hödürlemeýändigini belledi. Mundan başga-da, «Trump Mobile» kompaniýasy programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini özbaşdak işläp düzmeýär, bu bolsa enjamyň uzak möhletleýin ulanylmagyny çäklendirip biler.

Smartfonyň bahasy 500 dollar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.