Paleontologlar megalodon akulasynyň 40 ýyllap ýiten diýlip hasaplanan täsin oňurga süňklerini gaýtadan öwrenmäge mümkinçilik aldy. Mikro-kompýuter tomografiýasynyň kömegi bilen gözlegçiler gadymy balygyň ýaşyny kesgitlemegi başardy we onuň ägirt uly akulalaryň Cetorhinus maximus görnüşine aw edendiginiň ilkinji subutnamasyny tapdy. Bu barada Phys.org portaly ýazýar.
Galyndylar 1970-nji ýyllaryň ahyrynda Daniýanyň Gram şäherindäki iri senagat palçyk käninde tapylypdy. 1980-nji ýyllaryň başynda ägirt uly oňurgalar öwrenmek üçin Kopengageniň Geologiýa muzeýine tabşyryldy. Ýöne ylmy iş çap edilenden soň, nusgalar barlaghanadan dereksiz ýitýär we uzak ýyllaryň dowamynda hünärmenler ony diňe köne arhiw ýazgylary hem-de suratlar arkaly öwrenmeli bolýar.

Ýagdaý 2010-njy ýyllaryň ahyrynda üýtgedi — muzeýiň bir işgäri köne kolleksiýalaryň arasyndan tötänleýin galyndylar salnyp goýlan gutulary tapdy.
«Oňurgalaryň gaýtadan tapylmagy hakyky begençli waka boldy. Bu nusga edebiýatda görkezilen oňurganyň iň ýokary diametriniň 23 sm-e barabardygyny tejribe arkaly tassyklaýar. Aslynda, bular balyklaryň şu güne çenli hasaba alnan iň uly oňurga süňkleridir» – diýip, täze gözlegiň baş awtory Kenşu Şimada belleýär.
Alymlar mikro-KT usulyny ulandy, bu bolsa nusganyň özüne zeper ýetirmezden, süňk dokumasynyň içki gurluşyny jikme-jik gözden geçirmäge mümkinçilik berdi. Oňurgalaryň içindäki «ýyllyk halkalary» öwrenen paleontologlar bu akulanyň ölen wagtynda ýaşynyň azyndan 64-e ýetendigini anyklady. Matematiki modelirlemäniň ulanylmagy megalodonlaryň ýaşynyň nazary taýdan 96 ýyla çenli ýetip biljekdigini görkezdi.
Mundan başga-da, tomografiýa oňurgalary gurşap alan dag jynslaryny öwrenmäge kömek etdi. Daşyň içinden başga bir uly akulanyň — Cetorhinus maximus-yň (ägirt uly akula) žabralarynyň bölekleri we teňňejikleri tapyldy. Hünärmenler munuň ýyrtyjynyň aşgazanyndaky zatlaryň galyndylary diýen netijä geldi. Bu fakt megalodonlaryň beýleki uly göwrümli akulalar bilen iýmitlenendiginiň ilkinji resmileşdirilen subutnamasy boldy.
Akulalaryň gemirçekli skeletleriniň örän seýrek saklanyp galýandygy sebäpli, her bir şeýle tapyndy ylym üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Bu nusga diňe bir megalodonyň super-ýyrtyjy statusyny tassyklaman, eýsem onuň göwresiniň iň ýokary uzynlygynyň, takmynan, 24 metre ýetendigini subut etmek üçin ylmy esas boldy.