BMW kompaniýasy resmi taýdan bäşinji nesil X5 krossowerini hödürledi. Ulag täze dizaýna, döwrebaplaşdyrylan interýere we doly elektrik hem-de wodorod wersiýalaryny öz içine alýan güýç enjamlarynyň birnäçe görnüşine eýe boldy.

Kompaniýanyň habar bermegine görä, bu model benzin we dizel turbohereketlendirijileri bilen çykar, olaryň käbiri bolsa 48 woltlyk starter-generator bilen üpjün ediler. Şeýle hem alyjylara tokdan zarýad alýan gibrid (plug-in), elektrik iX5 we bir gezekki zarýad bilen 750 kilometre çenli ýol geçýän wodorodly iX5 Hydrogen modelleri hödürlener.

Elektrik wersiýasy goşmaça zarýad bermezden 845 kilometre çenli ýol geçip bilýär, 800 woltlyk çalt zarýad ulgamyny goldaýar we akkumulýatory daşky enjamlary tok bilen üpjün etmek üçin ulanmaga mümkinçilik berýär.

Täze X5 modeli Neue Klasse hatarynyň stilinde ýerine ýetirildi. Ulagyň öň tarapy doly täzeden işlenip, X görnüşli yşyk diodly faralar oturdyldy. Goşa radiator gözenegi bolsa has inçeldildi. Öňdäki bampere indi uly howa ýygnaýjy goşuldy, onuň BMW X5-iň has güýçli wersiýalarynda elýeterli bolmagyna garaşylýar.
Täze modeliň gapy tutarlary korpusyň içine salyndy: olar sähelçe basylanda ykjam elektropriwodlaryň kömegi bilen daşyna çykýar. BMW kuzowyň reňk görnüşlerini we 23 dýuýmlyk diskleri goşmak bilen, tigir diskleriniň toplumyny giňeltdi.

Ulagyň salonynda Panoramic iDrive displeýi, proeksion ekran, ýolagçy üçin aýratyn sensor ekrany we täze rul peýda boldy. Bu modelde adaptiw asgy, adaptiw şassi, gyşarmany durnuklaşdyryş ulgamy we sürüjä kömek berýän ikinji derejeli awtonom ulgamlar toplumy göz öňünde tutuldy.

Täze BMW X5-iň satuwy noýabr aýynda başlar. Onuň elektrik we gibrid görnüşleri bolsa 2027-nji ýylyň başynda bazara çykar.