NASA Aýa adam äkitmäge taýyn däldigini boýun aldy

Şu gün, 07:011,378

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Aýa adamly uçuşy guramak we ol ýerde durnukly baza gurmak üçin häzirki wagtda ýeterlik maglumatlara eýe däl. Bu barada NASA-nyň Aý bazasyny döretmek boýunça maksatnamasynyň ýolbaşçysy Karlos Garsia-Galan mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, Aý, şol sanda onuň Günorta polýus sebiti baradaky bar bolan maglumatlar adamlaryň ol ýere howpsuz düşürilmegi üçin ýeterlik däldir. Şol sebäpli agentlik serişdeleri agtarmak, hemranyň ýüzündäki şertleri öwrenmek we hemişelik infrastrukturany döretmek üçin zerur bolan tehnologiýalary synagdan geçirmek işlerini entek dowam etdirmek isleýär.

Şundan ugur alyp, Karlos Garsia-Galan NASA-nyň indiki tapgyrda geljekki adamly uçuşlar üçin iň amatly meýdançalary kesgitlemek maksady bilen, Aýyň dürli sebitlerini öwrenmegi meýilleşdirýändigini belledi.

Agentligiň ýolbaşçysy Jared Aýzekman bolsa astronawtlary ibermezden ozal, NASA-nyň birnäçe gezek kiçi göwrümli adamsyz uçuşlary amala aşyrjakdygyny habar berdi.

– Günorta polýusa baryp, garaňkylygyň hemişelik höküm sürýän zolaklarynda işläýmek örän çetin wezipedir – diýip, ol aýratyn nygtady.

«Artemis» maksatnamasynyň çäginde ilki başda 2027-nji ýyla meýilleşdirilen Aýa gonmak wagtlaýynça 2028-nji ýyla geçirildi. Oňa çenli NASA yzygiderli adamsyz uçuşlary amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Agentlik 2029-njy ýyla çenli ylmy işleri geçirmek üçin Aýyň ýüzüne ygtybarly baryp-gelşi üpjün etmegi, soňra bolsa geljekki Aý bazasynyň böleklerini gurmaga girişip, geljekde ol ýerde ekipažlaryň uzak wagtlap galmagyny gazanmagy maksat edinýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.