ABŞ-nyň Kongresi täze ulaglar üçin ýörite radiony ornaşdyrmagy hökmany etmekçi

Şu gün, 17:501,241

ABŞ-nyň Kongresinde awtoulag öndürijilerini ähli täze ulaglary AM-radio kabul edijileri bilen enjamlaşdyrmaga borçlandyrýan kanunyň taslamasy gözden geçirilýär. Bu başlangyjyň awtorlary şeýle aragatnaşyk ýaýlymynyň adatdan daşary ýagdaýlarda iň ygtybarlysy bolmagynda galýandygyny tassyklaýarlar.

Teklip «2026-njy ýylyň ulag serişdelerini döwrebaplaşdyrmak hakyndaky» kanun taslamasynyň düzümine girdi. Meňzeş başlangyç 2023-nji ýylda hem ara alnyp maslahatlaşylypdy, ýöne ol wagt goldaw tapmandy.

Pudaklaýyn bileleşige birleşen iri awtoulag öndürijileri Awtoulag gözlegleri merkezi bilen bilelikde, elektrik ulaglarynyň ýokary woltly ulgamlarynyň AM-radiosynyň kabul edilmegine päsgelçilik döredýändigini beýan etdiler.

Mundan başga-da, olar zerur bolan enjamlaryň bahasynyň ýokarydygyny belleýärler: bir kabul edijiniň bahasy 70 dollara çenli ýetip bilýär. Pudagyň çaklamalaryna görä, kanun kabul edilen halatynda, öndürijileriň goşmaça çykdajylary 2030-njy ýyla çenli 3,8 milliard dollara ýeter.

Başlangyjyň garşydaşlary AM-radiosynyň sürüjiler tarapyndan seýrek ulanylýandygyny hem nygtaýarlar. Kanun taslamasyny goldaýanlar bolsa, ykjam aragatnaşygyň we internetiň öçen şertlerinde bu kanalyň sürüjilere möhüm maglumatlary almaga mümkinçilik berjekdigini belleýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.