Halkara Buker baýragynyň ady russiýaly milliarderiň hormatyna üýtgediler

Şu gün, 03:161,114
1 / 2

Halkara Buker baýragy mundan beýläk Buhman adyndaky Halkara Buker baýragy diýlip atlandyrylar. Bu barada baýragyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bu çözgüt russiýaly milliarder Dmitriý Buhmanyň Bukhman Philanthropies haýyr-sahawat guramasy bu edebiýat baýragyny geljek on ýylyň dowamynda maliýeleşdirmäge borçlanandan soň kabul edildi.

Şol bir wagtda gurama pul baýragynyň möçberini iki esse artdyryp, ony 50 müň funt sterlingden 100 müň funt sterlinge ýetirer. Pul baýragy, öňküsi ýaly, eseriň awtory we ony terjime eden hünärmeniň arasynda deň mukdarda paýlanylar.

Halkara Buker baýragy 2004-nji ýyldan bäri iňlis dilinde ýazylmadyk, ýöne iňlis diline terjime edilip, Beýik Britaniýada ýa-da Irlandiýada çap edilen çeper eserler üçin berilýär.

Dmitriý Buhman — Playrix kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri. «Forbes» žurnalynyň berýän maglumatyna görä, onuň baýlygy 13,6 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar. Ol dogany Igor bilen bilelikde 2001-nji ýylda Wologdada kompýuter oýunlaryny döretmek işine başlapdy. Soňra kompaniýanyň ştab-kwartirasy Irlandiýa göçürildi. Dmitriý Buhman haýyr-sahawat gaznasyny 2024-nji ýylda aýaly Darýa bilen esaslandyrdy.

2027-nji ýylyň baýragynyň emin agzalarynyň başlygy bäş romanyň awtory we 2025-nji ýylyň Buker baýragynyň finalçysy, ýazyjy Keti Kitamura bolar. 12–13 kitaby öz içine alýan uzyn sanaw 2027-nji ýylyň 16-njy martynda, alty eserden ybarat bolan gysga sanaw 15-nji aprelde hödürlener, ýeňiji bolsa maý aýynda yglan ediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.